Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň «C5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berildi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm meselelerini, şeýle hem häzirki halkara ýagdaýlarynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar döwletleriň özygtyýarlygyna, garaşsyzlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, özara ynanyşmak hem-de umumy bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Duşuşygyň gün tertibinde söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy meseleleri möhüm orun eýeledi. Taraplar ulag-logistika arabaglanyşygyny, şol sanda Hazarüsti halkara ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň, özara söwdany giňeltmegiň, kompaniýalaryň işjeňligini artdyrmak we maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmegiň ähmiýetini nygtadylar. Sebitleýin ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmagyň, senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň, sanly ykdysadyýeti giňeltmegiň we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi. Duşuşykda sanlylaşdyrmak we emeli aň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de sanly infrastruktura ösdürmek ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn orun berildi. Tejribe we öňdebaryjy iş usullaryny alyşmagy giňeltmegiň, şeýle hem maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk, önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny we tehnologik çözgütleri çekmegiň ähmiýeti nygtaldy. Energetika, tebigy baýlyklary çykarmak we gaýtadan işlemek, goşulan gymmaty döretmegiň önümçilik zynjyrlaryny ösdürmek, şeýle hem taýýar önümleri halkara bazarlaryna eksport etmegiň mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek, bilim we medeniýet alyş-çalyşlaryny giňeltmek, syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň «C5+1» formatyndaky Bilelikdäki Jarnamasy kabul edildi. Onda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga we durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen syýasy dialogyň we amaly hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy hökmünde «C5+1» formatyny mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.