Türkmen alymy Mukam Ekäýew Minsk şäherinde ýerleşýän Ylymlar akademiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň täze materiallar boýunça Ylmy geňeşiniň doly hukukly agzasy boldy. 14–16-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň nanotehnologiýa we material öwreniş kafedrasynyň müdiri Mukam Ekäýew Minsk şäherinde Belarusyň Senagat-innowasiýa forumynyň çäklerinde guralan ylmy çärelere gatnaşdy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, onuň Ylmy geňeşiň agzalygyna kabul edilmegi baradaky karar 16-njy oktýabrda Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynda geçirilen täze materiallar boýunça Ylmy geňeşiň mejlisinde kabul edildi. Mejlisiň dowamynda geňeşiň işini guramak we onuň düzümini kemala getirmek bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar sanly material öwrenişi, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň materiallar we nanomateriallar boýunça Ylmy geňeşiniň tejribesi, şeýle hem Belarusda täze materiallary işläp taýýarlamagyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeş polimer we kompozit materiallar, metallurgiýa, toz metallurgiýasy we goşmaça önümçilik tehnologiýalary, gorag örtükleri hem-de üst gatlagynyň inženerçiligi ýaly ugurlarda işleýän hünärmenleri birleşdirýär. Saparynyň dowamynda Mukam Ekäýew «Belarus Respublikasynda goşmaça önümçilik tehnologiýalarynyň ösüşiniň geljegi» atly halkara simpoziuma hem gatnaşdy. Çäräniň dowamynda dürli şaýlaryň we senagat enjamlarynyň öndürilişiniň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen metal tozlary, polimerler, kompozit materiallar, nanogurluşly ulgamlar we funksional örtükler boýunça ylmy barlaglaryň ähmiýeti, ösüşi hem-de netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen alymynyň mundan beýläkki meýilnamalary Russiýanyň, Belarusyň we Hytaýyň kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi, bilelikdäki ylmy barlaglaryň temalaryny kesgitlemegi hem-de taraplar üçin özara bähbitli teklipleri taýýarlamagy öz içine alýar.