Nukus şäheriniň «Aral» futbol topary türkmen goragçysy Wepa Jumaýewiň çykyş edýän topary bolup, 2027-nji ýylyň möwsüminde Özbegistanyň Superligasynda çykyş etmäge möhletinden öň hukuk gazandy. Topar 25 ýyllyk arakesmeden soň ýurduň futbol boýunça iň ýokary diwizionyna gaýdyp geldi. Pro-liganyň 23-nji tapgyrynda «Aral» Garagalpak döwlet uniwersitetiniň («KMU Jaýhun») toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. «Aral» 58 utuk bilen ýaryş tertibinde birinji orunda barýar. Topar 23 oýunda 18 ýeňiş gazanyp, dört gezek deňme-deň oýnady we diňe bir gezek ýeňildi. Iň ýakyn yzarlaýjysy «Şurtan» toparynyň hasabynda bolsa 46 utuk bar. 25 ýaşly Wepa Jumaýew 2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda «Aral» toparyna goşuldy. Ol şu möwsümde Pro-ligada 12 duşuşyk geçirip, bir gol geçirdi we bir netijeli pas berdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edýän goragçy alty duşuşykda meýdança çykyp, bir gol geçirdi. Onuň Nukus şäheriniň «Aral» topary bilen baglaşan şertnamasy 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→