Ozal habar berşimiz ýaly, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Türkmenistana sapar bilen geldi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilelikde Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler. Bu ýerde olar «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Çapyksuwarlar at üstündäki oýunlaryň çylşyrymly hereketlerini, täsirli akrobatik tilsimleri we ajaýyp sazlaşygy görkezdiler. Bu bolsa türkmen atçylyk sungatynyň ýokary ussatlygynyň we köpýyllyk däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň güwäsine öwrüldi. Özüne çekiji çykyşlaryň jemleýji böleginde atçylaryň Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parladyp görkezen ussatlyklary has-da täsirli boldy. Şeýlelikde, bu çäre milli gymmatlyklaryň häzirki döwürde ýokary derejede sarpalanylýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda Baku şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary üstünlikli guraldy. 2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda iň ýokary baýraga mynasyp bolan Türkmenistanyň meşhur atçylar topary bu ýeňişden soňky ilkinji çykyşlaryny azerbaýjan tomaşaçylaryna hödürledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→