Şu gün Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa sapar bilen Türkmenistana geldi. «Azernews-iň» habar bermegine görä, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Leýla Aliýewany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa garşylady. Bellenilişi ýaly, çaý başyndaky Leýla Aliýewa bilen Oguljahan Ataýewanyň arasynda gysga wagtlyk duşuşyk geçirildi. Ertir Aşgabat şäherinde «MAMA. Ene – tebigat» atly halkara serginiň açylar. Sergi Geýdar Aliýew gaznasy hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guralýar. Sergi bir aýlap dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→