Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Oguljahan Atabaýewa bilen Leýla Aliýewanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berdi. Duşuşykda Oguljahan Atabaýewa myhmany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda mübäreklemäge şatdygyny aýdyp, hususan-da, «Ene — tebigat» atly serginiň açylyş dabarasyna onuň hut özüniň gatnaşmaga gelendigi üçin hoşallyk bildirdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Türkmenistanda şeýle ähmiýetli çäräniň guralýandygyny bellemegiň örän ýakymlydygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda, degişli ugurda uly işleri amala aşyrýan Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň berýän goldawlarynyň eýeleýän aýratyn ornuny nygtady. Bellenilişi ýaly, bu taslama esasynda sergi 2024-nji ýylyň noýabrynda Bakuwda geçirilen COP 29 maslahatynyň çäklerinde Geýdar Aliýew adyndaky merkezde ilkinji gezek guraldy. Soňra sungatlaryň şeýle sergisi beýleki ýurtlarda, şol sanda Bahreýnde, Beýik Britaniýada, Şweýsariýada, ýakynda bolsa Ispaniýada üstünlikli geçirildi. Oguljahan Atabaýewa bular barada aýdyp, Leýla Aliýewa we onuň bilen şu ýerde, Türkmenistanda bu möhüm taslamanyň guralmagyna öz goşantlaryny goşan hemme kärdeşlere, dostlara hem-de pikirdeşlere hoşallyk bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti sözüni dowam edip, sergide örän özboluşly, täsin işleriň jemlenendigine, Leýla Aliýewanyň işleriniň hem örän inçeden nepis işlerdigine ünsi çekdi hem-de olara ertir sergä gatnaşýanlaryň ýakyndan göz ýetirip synlap biljekdiklerine ynam bildirdi. «Umuman, «Ene — tebigat» atly serginiň sungatyň dilinde medeni gymmatlyklaryň ösmegine ýardam berýändigine, şeýle hem her kimiň öz-özüne: «Eýsem, men daşky gurşawy goramak üçin näme edip bilerin?» diýen sowaly bermegine kömek etjekdigine ynanýaryn» diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi. Oguljahan Atabaýewa çagalaryň bähbidine iş alyp barýan haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde özüniň çagalaryň saglygyny goramak, inklýuziw bilim, mätäç maşgalalara durmuş taýdan goldaw bermek ulgamyny öwrenmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, goňşy hem-de uzaklardaky ýurtlaryň tejribeleriniň öwrenilýändigi, bu işleriň hemmesiniň çagalaryň abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýandygy, şu maksat bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy we BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. «Biz bilelikde işlemegi, tejribe alyşmagy hem-de özara gatnaşyklarymyzy yzygiderli ilerletmäge ýardam bermegi maksat edinýäris. Biz ähli netijeli tekliplere açykdyrys» diýip, Oguljahan Atabaýewa nygtady hem-de myhmana berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Aşgabada gelmäge çakylyk, şeýle hem mähirli garşylanandygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hem-de türkmen paýtagtynda «Ene — tebigat» atly serginiň geçirilmegine döredilen mümkinçilikler we berlen ýardam-goldawlar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga we Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hoşallyk sözlerini aýtdy. Leýla Aliýewa iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada durup geçip, häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň taryhy köklerine, medeniýetiniň, diliniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň nusgalyk derejesini görkezýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli we okgunly ösdürilmegi üçin aýdyň ugurlary kesgitleýän ýokary derejedäki syýasy dialog bilen häsiýetlenýär. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň özara saparlary munuň aýdyň mysalydyr. Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Aşgabatda geçiriljek «Ene — tebigat» atly serginiň üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.