Ozal habar berşimiz ýaly, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Türkmenistana sapar bilen geldi. Leýla Aliýewa saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördi. Bu ýerde bejergi alýan çagalar özleriniň taýýarlan aýdym-sazly döredijilik çykyşlaryny görkezdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Binanyň içinde myhmana Gahryman Arkadagyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlardan hödür-kerem edildi. Soňra Leýla Aliýewa merkeziň bölümleri bilen tanyşdy. Oguljahan Atabaýewa myhmany bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyryp, alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde işleýän her bir lukmanyň, hünärmeniň öňünde durýan wezipeler anyk kesgitlenildi. Olaryň agzybirlikli tagallasy netijesinde öňde goýlan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda çagalaryň sazlaşykly ösüşine, olaryň saglyk ýagdaýlarynyň doly derejede dikeldilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa merkezde çagalaryň alýan bejergileriniň netijeleri bilen gyzyklandy. Bu babatda myhmana bejergi alýan çagalaryň saglygyny, şol sanda daýanç-hereket ediş agzalarynyň işini dikeltmek we beýleki zerurlyklar üçin bu ýerde döredilen mümkinçilikler, bölümlerde gurnalan enjamlaryň aýratynlyklary, alnyp barylýan işleriň oňyn netijeleri barada gürrüň berildi. Merkezde bolmagynyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa hem-de Leýla Aliýewa bu ýerde bejergi alyp, saglygyny dikeldýän çagalar bilen söhbetdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýlary bilen gyzyklandylar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde operasiýadan soňky bejergiler üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek. Bu ýerde çagalaryň boýun-oňurga we hereket ediş agzalarynyň dogry ösüşini üpjün edýän ýöriteleşdirilen otaglar bolup, olar degişli enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bu bolsa çagalaryň tiz sagalmaklaryna mümkinçilik berýär. Ozal habar berşimiz ýaly, myhman Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan guralýan «Ene — tebigat» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşar.