«Apple» kompaniýasy 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek ikinji çäresini yglan etdi. Çäre 28-nji oktýabrda geçiriler. Garaşylmagyna görä, kompaniýa bu çäräniň dowamynda sensorly ilkinji «MacBook» noutbugy bilen tanyşdyryp biler. Çäräniň geçiriljekdigi baradaky wideo «Apple» kompaniýasynyň halkara marketing boýunça uly wise-prezidenti Greg Joswiak tarapyndan X sosial ulgamynda paýlaşyldy. «Pro and tell» diýlip atlandyrylan çäre 28-nji oktýabrda Moskwa wagty bilen sagat 20:00-da başlanar. «MacRumors» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, çäre köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin niýetlenendir. Şeýle hem kompaniýa täze önümler barada metbugat üçin resmi habarnamalary çap eder. «9to5Mac» neşiriniň redaksiýasy hem çärä gatnaşmaga çakylyk aldy. «Bloomberg» neşiriniň maglumatlaryna görä, Apple kompaniýasy sensorly ilkinji «MacBook» noutbugyny, M6 çipli «MacBook Pro» noutbugyny, täzelenen «iMac» kompýuterini we OLED ekrany bilen enjamlaşdyrylan iPad mini planşetini görkezmäge taýýarlanýar. Bu «Apple» kompaniýasynyň oktýabr aýynda geçirjek ikinji çäresi bolar. Aýyň başynda kompaniýa akylly öý ulgamyny dolandyrmak üçin niýetlenen «HomeView» displeýini, täzelenen «HomePod mini» akylly ses enjamyny hem-de «LG Electronics» we «Schneider Electric» kompaniýalary bilen bilelikde işlenip düzülen «Apple Home Collection» enjamlarynyň tapgyry bilen tanyşdyrypdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→