19-njy oktýabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň binasynda gaz syzyşlaryny ýüze çykarmak we aradan aýyrmak üçin niýetlenen «LDAR» enjamlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Çäre «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi ugrunda Ýewropa Bileleşigi: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howa boýunça hereketler» atly taslamanyň çäklerinde guraldy. Taslama Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýär hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ GmbH) tarapyndan durmuşa geçirilýär. Bu dabara Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Petra Dahtler, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary Madalinskiý, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Enjamlaryň gowşurylmagy Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we GIZ guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamany durmuşa geçirmekde amaly ädim boldy. Geçen ýyl institutyň binýadynda Maglumat-seljeriş merkezi döredilip, maglumatlar bilen işlemek üçin zerur esaslar üpjün edildi. Indi bolsa taslamanyň çäklerinde «SENSIA Solutions» kompaniýasynda öndürilen enjamlar gowşuryldy. Olar senagat desgalarynda gaz syzyşlaryny hakyky wagt tertibinde şekillendirmäge we takyk ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Taslamany guraýjylaryň maglumatlaryna görä, «LDAR» tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy ekologik we ykdysady taýdan peýda getirýär. Gaz syzyşlarynyň öz wagtynda ýüze çykarylmagy Türkmenistanyň Metan boýunça Ählumumy borçnamalar we Pariž ylalaşygy boýunça alan borçlaryny ýerine ýetirmegine ýardam berýär. Gaz ýitgileriniň öňüni almak bolsa tebigy çig mal serişdelerini tygşytlamaga we gaz desgalarynda howpsuzlygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Dabara geçirilen güni «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri üçin üç günlük okuw türgenleşigine hem badalga berildi. Okuw maksatnamasy nazary sapaklary, ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi bilen işlemegi we Şatlyk şäherindäki «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň desgalarynda geçiriljek amaly okuwlary öz içine alýar. GIZ maksatnamasynyň ýolbaşçysy Karolina Milowyň bellemegine görä, «LDAR» enjamlarynyň ornaşdyrylmagy Maglumat-seljeriş merkezinde alnyp barylýan seljeriş işlerini önümçilikdäki anyk çäreler bilen utgaşdyrýar. Onuň sözlerine görä, bu tehnologiýalar gözegçiligiň takyklygyny ýokarlandyrmaga, howa boýunça borçnamalaryň çäklerinde daşky gurşawy goramaga we tebigy gazyň ýitgilerini azaltmaga mümkinçilik berer. Taslamany guraýjylar bilelikdäki tagallalaryň geljekde hem metan zyňyndylaryny azaltmaga we milli hünärmenleriň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→