Belarusuň Brest oblastynda ýaşaýan fermer öz ekin meýdanynda agramy 1281 gram bolan ýeralma gazyp aldy. Bu barada daýhanyň aýalyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi. Aýalynyň sözlerine görä, adaty bolmadyk hasyl oktýabryň ortasynda alyndy. Zenan onuň fotografiýasyny sosial torda çap etdi we «Serediň, Belarusdaky bu äpet ýeralma! Oktýabryň ortasy, daýhan adamym ýeralma gazyp başlady. Getiren oljasyna bakyň» diýip ýazdy. Zenan şeýle hem daşyna çalarak sypjyryk düşendigine garamazdan, ýeralmanyň oňat hillidigini ýazdy.