Türkmenistanyň wekiliýeti 17-18-nji oktýabrda Bagdat şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, gatnaşyjylar YHG-a agza ýurtlaryň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm meselelerine garadylar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «YHG giňişliginde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi saklamakda we berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny» atly kararnamanyň kabul edilmegi mejlisiň möhüm netijesi boldy. Türkmenistanyň wekiliýeti mejlisde çykyş edip, ýurduň YHG bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny beýan etdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylan, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Şeýle-de bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine deglip geçildi. Hususan-da, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Yslam bilim, ylym we medeniýet guramasynda (ICESCO) synçy derejesini alandygy, munuň bolsa bu ugurlarda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Mundan başga-da, türkmen tarapy YHG-a agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we ynsanperwer ulgamlarda öne sürülýän öňdebaryjy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirdi.