Balkan welaýatynda şu günler pagta hasylyny ýygnamak işleri dowam etdirilýär. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, sebitiň daýhanlary şu ýyl 13 müň gektar meýdandan 16 müň tonna pagta ýygnamagy maksat edinýärler. Hasyl ýygnamak möwsüminde Gyzylarbat, Bereket we Magtymguly etraplarynyň daýhan birleşiklerinde kärendeçiler, mülkdarlar we ýer eýeleri aýratyn tapawutlanýarlar. Jogapkärli möwsümiň gyzgalaňly günlerinde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary we inžener-tehniki işgärleri ýokary işjeňlik görkezýärler. Olar işleri birnäçe çalşykda alyp barýarlar. Ýokary öndürijilikli, kuwwatly pagta ýygýan kombaýnlaryň, beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň we awtoulaglaryň sazlaşykly hem-de bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin zerur tagallalar edilýär. Ýygnalan pagta awtoulaglar arkaly «Balkanpagta» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat we Bereket etraplarynda ýerleşýän pagta kabul ediş harmanhanalaryna daşalýar.