Türkmenistan şu ýylyň 9 aýynda Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ilkinji onlukdan orun aldy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berýär. Hasabat döwründe 256,5 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan bu görkeziji boýunça ýedinji orny eýeledi. Bu ugurda birinji orun Gyrgyz Respublikasyna (2,8 million), ikinji orun Gazagystana (2,4 million), üçünji orun Täjigistana (2,2 million), dördünji orun Russiýa Federasiýasyna (983,4 müň) we bäşinji orun Owganystana (380,1 müň) degişli. Türkmenistanyň öňýanyndaky orny bolsa 373,7 müň jahankeşde bilen Hytaý eýeläpdir. Ýeri gelende bellesek, 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda jemi 10,3 million daşary ýurtly jahankeşde Özbegistana syýahat edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20,4 göterim köpdür.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→