Daşkent şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Maslahatda «CASCA+» multimodal halkara ulag geçelgesini has-da giňeltmek we umumy ulag-logistika ulgamyny berkitmek meseleleri üns merkezinde boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar konteýner daşamalarynyň göwrümini artdyrmak, utgaşdyrylan nyrh syýasatyny alyp barmak hem-de göçme düzüm bilen üpjün etmek meselelerine garaldy. «CASCA+» geçelgesi Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde, hususan-da, Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň arasynda ulag baglanyşygyny berkitmek bilen, Ýewropa bazaryna ýol açýar. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän bu halkara geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de özara hyzmatdaşlygy we amaly çemeleşmeleri durnukly ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.