Sosial torlar adamlaryň ruhy ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler. Bu barada Ýekaterina Katalina Milli täzelikler gullugy (OSN) bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Hünärmen sosial torlarda kesekileriň üstünlikleriniň soňsuz şöhlelendirilýändigini, adamlaryň olar bilen özlerini deňeşdirýändiklerini gürrüň berdi. Aýratyn hem öz durmuşyny beýlekileriňki bilen deňeşdirmäge ýykgyn edýänler, özüne pes baha berýänler we janly söhbetdeşlikler ýetmeýän adamlar şeýle täsiriň öňünde biçäredirler diýip, psiholog düşündirdi. Ol şeýle hem sosial torlaryň adamlary, mysal üçin, dost tapynmakda ýa-da bilim beriji saýtlar arkaly goldap biljekdigini belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→