14 — 16-njy oktýabr aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Ýaponiýa sapary amala aşyryldy. Saparyň esasy maksady ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek we wodorod energetikasy ulgamyndaky özara gatnaşyklary giňeltmekden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy boýunça hyzmatdaşlyk giňeldilýär Saparyň çäklerinde Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Keýsuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, hünärmenleri taýýarlamak we tebigy gazdan wodorod öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Tsukuba uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň öňüsyrasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. 15-nji oktýabrda wekiliýet Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Tebigy serişdeler we energetika agentliginiň hem-de Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasynyň (NEDO) wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem wekiliýet Chiyoda korporasiýasynyň Kiyasu Research Park ylmy-barlag merkezine baryp gördi. Mundan başga-da, Tsukuba uniwersitetiniň Wodorod baglanyşyklaryny öwreniş merkeziniň (HBRC) we TIAR ylmy-barlag institutynyň işi bilen tanyşdy. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy boýunça hyzmatdaşlyk giňeldilýär Hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üç mugallymy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) goldawy bilen durmuşa geçirilýän «SDGs Global Leader» maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde hünärlerini ýokarlandyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→