Aşgabat şäherinde «Türkmenistan – Ýewropanyň bilim gaznasy: özara baglanyşygyň binýady hökmünde adam maýasy» atly ýokary derejeli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ýewropa Bileleşiginiň bilim, hünär taýýarlygy hem-de adam maýasyny ösdürmek ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan bu çäre barada Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynyň resmi internet saýtynda habar berildi. «Tegelek stol» maslahatyna Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Ýewropanyň bilim gaznasynyň direktory Pilwi Torsti, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň bilim we degişli ugurlardaky düzümleriniň wekilleri, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, ýokary we hünär bilimi edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi we Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Sapar Pälwanow gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi we Ýewropanyň bilim gaznasy bilen köp ýyllaryň dowamynda alyp baran hyzmatdaşlygynyň netijelerini, milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän häzirki zaman özgertmelerini, DARYA maksatnamasynyň netijelerini, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň bilim gurallaryndan we maksatnamalaryndan has giňden peýdalanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Tegelek stol» maslahatynyň möhüm meseleleriniň biri Ýewropa Bileleşiginiň 2028–2034-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň täze tapgyryny taýýarlamak boldy. Türkmen tarapy Ýewropa Bileleşigi bilen geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bilime, hünär başarnyklaryny ösdürmäge we adam maýasyny kemala getirmäge mynasyp orun berilmegine gyzyklanma bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→