«Türkmenistan – Hytaý (Şansi welaýaty)» işewürlik forumy 22-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler. Çäräni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi guraýar. Forum paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda geçiriler. Forumyň esasy çäresi sagat 14:00-da başlanjak maslahat bolar. Oňa türkmen işewürler jemgyýetiniň wekilleri we Hytaýyň Şansi welaýatyndan ýurdumyza sapar bilen gelýän wekiliýet gatnaşar. Guramaçylaryň habar bermegine görä, gatnaşyjylar maýa goýum taslamalaryny, döwrebap tehnologiýalary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Resmi maksatnamadan başga-da, forum telekeçilere hytaýly hyzmatdaşlar bilen göni aragatnaşyk ýola goýmaga hem-de işewürlik mümkinçilikleri barada ilkinji çeşmeden täze maglumatlary almaga şert döreder. Şunuň bilen baglylykda, guramaçylar telekeçilik ulgamynyň ähli gyzyklanma bildirýän wekillerini çärä gatnaşmaga çagyrýarlar. Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz: +993 64 500141.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→