Aşgabat şäheriniň, Balkan, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň atçylyk-sport toplumlarynda güýzki at çapyşyklary möwsüminiň nobatdaky ýaryşlary geçirildi. At çapyşyklary dürli aralyklara guraldy, münberlerden milli sazlar ýaňlandy, aýdymlar ýerine ýetirildi. Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda 10 çapyşyk geçirildi. Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gülşadym atly baýtal pellehana ilkinji bolup geldi. Ikinji çapyşykda Owadan gyz, üçünji çapyşykda dor at Gaýaguş ýeňiji boldy. Dördünji çapyşykda Şöhle diýen mele at, bäşinjide Ýelpaý atly dor baýtal, altynjyda Kerwen öňe saýlandy. Ýedinji çapyşykda Bakgara diýen gara at, sekizinjide Gadagan atly dor bedew ýeňiş gazandy. 2200 metr aralyga geçirilen dokuzynjy çapyşykda Gyrat hemmelerden öňe geçdi. Jemleýji çapyşykda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Begzada atly dor bedew pellehana birinji bolup geldi. Balkan welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda 1200–1800 metr aralyklara bäş çapyşyk geçirildi. Üç müň orunlyk münber janköýerlerden we tomaşaçylardan doly boldy. Birinji çapyşykda iki ýaşly alty at 1200 metr aralyga bäsleşdi. Bu çapyşykda Üçgözel diýen at ýeňiji boldy. Şol aralyga geçirilen ikinji çapyşykda Bagyrgözeli atly üç ýaşar bedew alty atyň arasynda birinji geldi. Üçünji çapyşykda alty sany üç ýaşar atyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde Ýürekdeş diýen dor at ýeňiş gazandy. Dördünji çapyşykda dört we ondan uly ýaşly ýedi at 1800 metr aralyga çapyşdy. Bu bäsleşikde Bereket diýen dor at ýeňiji boldy. Dört we ondan uly ýaşly atlaryň gatnaşmagynda geçirilen jemleýji çapyşykda bolsa Sowgat atly gara bedew pellehana birinji bolup geldi. Lebap welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda 1200 metr aralyga bäş çapyşyk geçirildi. Olarda birinji çapyşykda Gülälek, ikinjide Gudrat diýen dor at, üçünjide Goşun, dördünjide Kepel atly dor bedew, jemleýji çapyşykda bolsa Aýnäzik atly dor baýtal ýeňiji boldy. Daşoguz welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda geçirilen ýaryşlara 30-dan gowrak at gatnaşdy. 1000–1200 metr aralyklara geçirilen ilkinji dört çapyşygyň hersinde alty at bäsleşdi. 1400 metr aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda Aýly Egşemowyň hojalygyna degişli Aýdynly diýen dor at pellehana birinji bolup geldi. Tanymal atşynas Paltabaý Egşemowyň seýislän aty bellenen aralygy 1 minut 46,5 sekuntda geçdi. Mary welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda geçirilen birinji çapyşykda iki ýaşar atlar 1000 metr aralyga çapyşdy. Bu bäsleşikde Marynyň döwlet athanasyna degişli Tarlan ýeňiji boldy. Ikinji çapyşykda Garadaş birinji orny eýeledi. Üçünji çapyşykda Ý. Ilamanowyň hojalygyna degişli Keýmir pellehana birinji bolup geldi. Dördünji çapyşykda Ş. Şamyradowyň hojalygyna degişli Garajaoglan atly gara bedew ýeňiş gazandy. Bäşinji, jemleýji çapyşykda bolsa R. Laliýewiň hojalygyna degişli Toýçy diýen mele at ýeňiji boldy. Ýurdumyzda geçirilen at çapyşyklarynyň netijeleri boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolan atlara serpaýlar ýapyldy, çapyksuwarlara bolsa gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Tomaşaçylar türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge we olaryň şan-şöhratyny dünýäde giňden wagyz etmäge berýän ünsi üçin hoşallyk bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→