Bu barada degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi. Häzirki wagtda 2027-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Türkmenistan» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. Gazetimiziň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 93-17-36, 93-01-55, 93-28-55, 93-11-96. Siz «Türkmenistan» gazetine iki görnüşde — çap edilýän hem-de elektron görnüşdäki neşirler boýunça abuna ýazylyp bilersiňiz. Gazetiň elektron görnüşine turkmenmetbugat.gov.tm internet sahypasynyň hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen, «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylyp bolýandygyny ýatladýarys. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-74.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→