Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 5-si hasaba alyndy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine nah ýüplük, tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri, guradylan buýan köki we baldagy ýerlenildi.