Gimalaýlardaky kiçeňräk Butan patyşalygynda 1-nji noýabrda Gelephu şäherinde boljak ägirt uly buddizm baýramçylygyna taýýarlyk görýärler. Guramaçylar oňa ýigrimi ýurtdan zyýaratçylaryň gelmegine garaşýarlar diýip, «rg.ru» ýazýar. Ilaty 800 müň adamdan hem az bolan Butan üçin bu ullakan baýramdyr, sebäbi oňa ýurduň her sekizinji ýaşaýjysy gatnaşyp biler. Esasy waka bir günde her biriniň boýy 15 metr töweregi bolan 108 sany buddaçylyk çokularynyň – çortenleriniň Mau-Çhu derýasynyň 12 kilometre uzaýan ýakasynda dikilmegi bolar. Buddizm däplerinde 108 san keramatly hasaplanýar hem-de ruhy päklenişini alamatlandyrýar. Dabaranyň geçjek senesi ýöne ýere saýlanmady. 1-nji noýabrda iki sany wajyp baýramçylyk gabat gelýär: Buddanyň asmandan ýere inen güni alamatlandyrýan Lhabab Dýuçen hem-de Patyşa Jigme Khesara Namglýala Wangçukuň täç geýen güni. 21-nji oktýabrda başlanjak doga okalyşyklar we dini däpler 4-nji noýabra çenli dowam eder. Baýramçylyga taýýarlygyň gidişine Patyşa maşgalasy gözegçilik edýär. Uly baýram şeýle hem Butanyň halkara ykdysady merkeze öwürmek isleýän «Gelephu Mindfulness City» atly täze şäher taslamasynyň amala aşyrylmagynyň hormatyna guralýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→