Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Samarkand şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirilýär. Duşuşykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň орунbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de AŞB-niň Döwlet sekretary Marko Rubio «C5+1» formatyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada uza.uz saýty habar berýär. R.Meredow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşýar Duşuşygyň gün tertibinden söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, uzakmöhletleýin maýa goýumlary çekmek, senagat kooperasiýasy, ulag, energetika we sanly ulgamy ösdürmek ýaly wajyp meseleler orun aldy. Hususan-da, gepleşiklerde möhüm ähmiýetli minerallar, energetika, sanly tehnologiýalar, oba hojalygy, ulag-logistika we senagat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berilýär.