Polşa Respublikasynyň Silez akademiýasynyň rektory, professory, ylymlaryň kandidaty Ostenda Aleksandr Tadeuş we halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory, professory, ykdysady ylymlaryň doktory Witkowskiý Ýuriý Petrowiç S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde myhmançylykda boldy. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. Myhmanlar Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň şäherçesine aýlanyp, okuw merkezlerinde, agromeýdançada, sport toplumlarynda, tikinçilik sehinde, janly tebigatyň muzeýinde, ýyladyşhanada döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Uniwersitetde geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň, şol sanda Polşa Respublikasynyň ylym-bilim gatnaşyklarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli ösdürilýändigi, hünärmenleri taýýarlamakda netijeli gatnaşyklaryň barha işjeňleşýändigi nygtaldy. Myhmanlar uniwersitetiň gurluşy we gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyryldy diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→