Häzirki wagtda Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat wekiliýet Özbegistanyň Andijan şäherinde saparda bolýar. Gazagystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň teatr sungaty we muzeý ulgamynyň wekilleri Andijan şäheriniň demir ýol menzilinde hem-de howa menzilinde özbek däp-dessurlary we myhmansöýerligi bilen dabaraly garşylandy diýip, uza.uz saýty ýazýar. Türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde IV TÜRKSOÝ halkara teatr festiwalyna, TÜRKSOÝ-yň Teatr ýolbaşçylarynyň duşuşygyna, V Türki dünýäniň muzeýleriniň duşuşygyna hem-de TÜRKSOÝ-yň Muzeýler bileleşiginiň V döwürleýin ýygnanyşygyna gatnaşarlar. Ýeri gelende bellesek, Andijan şäheri 2026-njy ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→