ABŞ-nyň wise-Prezidenti Jeý Di Wens 2028-nji ýylda geçjek döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmak mümkinçiligini aradan aýyrmaýar, emma heniz gutarnykly netijä gelenok. Ol bu barada «CBS News» teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy diýip, «rg.ru» habar berdi. Wensiň sözlerine görä, onuň durmuş üýtgeşmeleri bilen baglylykda, kabul eden çözgütlerini üýtgetmek endigi bar, şonuň üçin häzir bu sowala jogap bermäge taýýar däl. Wise-premýer şeýle hem maşgala ýagdaýyna ünsi çekdi, onuň we aýaly Uşanyň dört sany kiçi çagalary bar, aýaly adamsynyň jemgyýete gulluk etmek pikirini goldaýan hem bolsa, syýasaty o diýen halap barmaýar. Öň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Wensi özüniň mümkin bolan syýasy yzbasary diýip atlandyrypdy, dalaşgärleriň arasynda Döwlet sekretary Marko Rubio hem bar diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→