Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmegi mynasybteli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna gabatlanylyp, «Milli manat – täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, maslahatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini giňden beýan etmek, bu ulgamda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→