Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky Karara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» hem-de zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigi yglan etmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 2027-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→