Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026” atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulan bu çärelere taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Halkara maslahat “Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş” diýen şygar astynda geçiriler we onuň çäklerinde birnäçe plenar mejlisler hem-de beýleki maslahatlar guralar. Şeýle hem “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Hormatly Prezident hasabaty diňläp, wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahatyny we sergisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→