Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek “Hytaý halkara import EXPO” sergisine Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Hytaý halkara import EXPO” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurtda öndürilip, dünýä bazarlaryna çykarylýan giň görnüşli harytlar, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, şeýle hem halkyň milli-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem serginiň çäklerinde Türkmen-hytaý işewürler forumy guralar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda öndürilýän ýokary hilli önümleri halkara sergilerine çykarmak we giňden tanyşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek «Hytaý halkara import EXPO» sergisine ýurduň milli pawilýony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→