Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň noýabr aýynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, ylma we döredijilige höweslerini artdyrmak babatynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, geljek aýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny, “Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyny, V Açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny, Türkmen oba hojalyk institutynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslama bäsleşigini, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Häzirki zaman stomatologiýasynyň wajyp meseleleri” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny, “Biologiýa” dersi boýunça V halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem noýabr aýynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Maliýe” dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny, “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary” atly utgaşykly görnüşde III halkara ylmy-amaly maslahatyny, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Himiýa” dersi boýunça V halkara olimpiadasyny hem-de onuň bilen ugurdaş “Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny, Türkmen döwlet maliýe institutynda “Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary” dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni” atly II halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary okuw mekdeplerinde halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→