Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşyga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde bu formata gatnaşýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu duşuşyk bilen bagly taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Duşuşykda köptaraplaýyn formatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary babatda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etmek göz öňünde tutulýar. Bu duşuşyk bilen bir hatarda, hökümet agzalarynyň we işewürleriň gatnaşmagynda birnäçe ugurlar, hususan-da, sanly tehnologiýalar, bilim we saglyk, wajyp minerallar, energiýa we ulag infrastrukturalary, oba hojalyk we dokma toplumy, maliýe we maýa goýum ýaly ugurlar boýunça işewürler sessiýalary geçiriler. Bu çäräniň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň dowamynda gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini, şol sanda şu ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky Türkmen-Amerikan syýasy geňeşmelerine taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşmak maksadalaýyk hasaplanylýar. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky bu formatyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygynyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyň sebitiň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministrine sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjek bu duşuşyga gowy taýýarlyk görmegi we işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→