Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurduň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döwrebap enjamlar toplumlary bilen üpjün etmek babatda netijeli çäreler görülýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.