Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ermenistan Respublikasyna bardy. Ýerewanyň «Zwartnots» Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny Ermenistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Mger Grigorýan we beýleki resmi adamlar garşyladylar. «Armenpress-iň» habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti şu gün Biodürlülik baradaky maslahatyň (COP17) çäklerinde geçiriljek Liderler sammitine gatnaşar. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 15-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy we birnäçe möhüm teklipleri öňe sürdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→