Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşynda bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, sanlylaşdyrmak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti hem barha artýar. Emeli aň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalar ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de diplomatik gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, olaryň ulanylmagy halkara hukuga, ynanyşmak we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär. 15-nji oktýabrda Bakuda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammiti başlandy. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar geňeşiň mundan beýläk-de ösdürilmegi we Ýewraziýa giňişliginde köptaraply guramalaryň arasyndaky özara gatnaşyklar barada gürrüň etdiler, şeýle hem möhüm halkara we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşdylar. Bu barada TDH habar berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→