Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri geňeşiň (CICA) çäginde, ulag meseleleri boýunça ministrler derejesinde gepleşikleri ösdürmegi teklip etdi. TDH-niň habar bermegine görä, ol bu barada guramanyň Bakuda geçirilen sammitinde aýtdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, şeýle format milli tejribäni paýlaşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine amaly maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy hakyndaky Kararnamasyny dowam etmek bilen, ýurduň ulag we logistika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýändigini belledi. Şolaryň hatarynda Merkezi we Günorta Aziýanyň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün edýän yklymara ulag ugurlaryny döretmek hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlar bar. Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň has netijeli ulanylmagy, şeýle hem logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. 15-nji oktýabrda Bakuda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammiti başlandy. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar geňeşiň mundan beýläk-de ösdürilmegi we Ýewraziýa giňişliginde köptaraply guramalaryň arasyndaky özara gatnaşyklar barada gürrüň etdiler, şeýle hem möhüm halkara we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→