Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bakuwda geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahatyň 7-nji sammitinde çykyş etdi. Bu barada «Report» habar berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjy öňe sürüldi. Bellenilişi ýaly, munuň özi howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de «ýaşyl» çözgütleri ilerletmek meseleleri boýunça tejribe alyşmak we tagallalary utgaşdyrmak üçin köptaraplaýyn platforma bolar. Türkmenistanyň döwlet Baştutany gyzyklanma bildirýän döwletleri we halkara hyzmatdaşlary bu başlangyjy goldamaga çagyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow howanyň üýtgemeginiň we ekologik howpsuzlygyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň hatarynda durýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýtdy.