Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri 8–9-njy oktýabrda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilen «Türki dünýäsinde azerbaýjan diliniň we edebiýatynyň öwrenilişi» atly halkara simpoziumyna onlaýn görnüşde gatnaşyp, çykyş etdiler. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, bu halkara çäre Baku türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygyna we Ž. Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň 100 ýyllygyna bagyşlandy. Simpoziuma Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan alymlar gatnaşdylar. Simpoziumyň çäklerinde birnäçe bölüm işledi. Olarda alymlar azerbaýjan dilini we edebiýatyny öwrenmegiň häzirki zaman meselelerini, şeýle hem olaryň umumy türk medeni giňişligindäki ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli ýurtlarda azerbaýjan diliniň we edebiýatynyň okadylyşy, şeýle hem dil bilen edebiýatyň durmuşynyň beýleki ugurlary bilen özara baglanyşygy baradaky meseleler hem seljerildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow «Türkmen dilinden azerbaýjan diline we azerbaýjan dilinden türkmen diline şygyr eserlerini terjime etmegiň tejribesi (Magtymguly Pyragynyň we Samed Wurgunyň eserleriniň terjimeleriniň mysalynda)» atly tema boýunça çykyş etdi. Türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Tagandurdy Bekjäýew bolsa «Magtymguly Pyragynyň dilinde Azerbaýjan we azerbaýjan edebiýaty» atly ylmy çykyşyny hödürledi. Simpoziumyň netijeleri boýunça pikir alşyldy, ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky tekliplere garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→