Kömrüň nyrhy üstümizdäki ýylyň başyndan bäri 40 göterim gymmatlady, ýagny aswtraliýa kömrüniň gysgamöhletli fýuçersleriniň bahasy bir tonna üçin 150 dollara deň boldy, bu 2023-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir diýip, «news.by» ýazýar. Kömrüň gymmatlamagyna nebitiň we gazyň ornuny tutmak üçin peýdalanylýan ýangyjyň bu görnüşine dünýä isleginiň artmagy sebäp bolýar. Nyrhlaryň gymmatlamagy Ormuz bogazyndan daşamalardaky bökdençlikler sebäpli döredi. Kömri Hindistanda we Pakistanda gymmat ýakyn gündogar gazy bilen çalyşmaga çalyşýarlar. Şol bir wagtda kömrüň teklipleri azalýar, mysal üçin, Indoneziýada onuň eksporty 10 göterim azaldy. Awstraliýada hem kömrüň önümçiligini peseldi. Energiýa krizisi sebäpli hatda Ýaponiýa hem öz kömür elektrik beketlerini işe goýberýär.