Fransiýa bilen Italiýanyň sehedindäki Monblan dagynyň beýikligi 2023-nji ýyldan bäri 1,88 metr artyp, 4807,47 metre ýetdi. Bu barada «Belta.by» habar berdi. Monblan Alplaryň hem-de Günbatar Ýewropanyň iň beýik dagydyr. Fransiýanyň Ýokary Sawoýýa departamentiniň geodeziýaçy-hünärmenleriniň palatasynyň başlygy Žan Gareniň: «Monblanyň iň beýik ýeri üýtgäp durýar» diýen sözlerini «Le Monde» gazeti getirýär. 2001-nji ýyldan bäri alymlar bu dagyň beýikligini her ýyl iki-üç ýyldan howanyň üýtgemeginiň Alplara täsirini anyklamak üçin ölçeýärler.