ABŞ-nyň Döwlet departamenti togtadylan diwersifikasiýalaşdyrylan wizalary bermek tertibini (ýaşyl karta lotereýasy) 2027-nji ýyl üçin 18-nji oktýabrdan gijä galman dikeltmek barada borçly etdi. Kaliforniýa ştatynyň günorta okrugynyň kazyýeti şeýle çözgüt çykardy diýip, «Courthouse News Service» amerikan portaly habar berdi. Kazyýet Döwlet sekretary Marko Rubiony 2027-nji maliýe ýyly (DV-2027) üçin ýaşyl karta lotereýasyna hasaba almagy işe goýbermäge borçly etdi. Hasaba alyş döwri 30 gün dowam etmelidir. Saýlanyp alnan gatnaşyjylara habarnama 2026-njy ýylyň 19-njy noýabryndan gijä galman ýollanylmalydyr. Geçen ýylyň dekabrynda Ak tam Prowidens şäherindäki Braun uniwersitetinde bolan ok atyşykdan soňra grin-karta lotereýasy maksatnamasyny togtatdy. Ok atyşygy bu maksatnama boýunça ABŞ-a baran erkek kişi amala aşyrypdyr. Ýaşyl karta (Green Card) daşary ýurtla ABŞ-da hemişelik ýaşaýan derejesini, ýagny ýaşamaga, işlemäge we okamaga hukuk berýän şahsyýetnamadyr (Lawful Permanent Resident). ABŞ şeýle rugsatnamalaryň 55 müňe golaýyny berip bilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→