Emeli aň nusgalary golaý wagtda öýde ulanylýan elektron enjamlarda öz-özüni nusgalap başlap biler. Bu barada «Anthropic» kompaniýasyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Barlaglarda öý we korporatiw enjamlaryň köpüsiniň, şol sanda «akylly» howurpeçleriň, smart-telewizorlar üçin pristawkalaryň, gözegçilik kameralarynyň we wideomaslahatlar üçin enjamlaryň EA nusgalary işe goýbermek üçin niýetlenen kiçeňräk çipler bilen üpjün edilýändigi bellenýär. «Anthropic» ylmy-barlag topary synaglaryň barşynda EA-nyň adam gatnaşmazdan, telewizorlar üçin 15 sany arzan smart-pristawkalar bilen özbaşdak utgaşýandygyny anyklady. Muňa şeýle enjamlaryň gowşak goragy mümkinçilik berýär. Birnäçe aýdan soňra emeli aň olarda özbaşdak işlemäge ukyply bolup biler. Şeýle işi bolsa, merkezleşdirilen öçüriş ulgamynyň ýokdugy üçin togtatmak aňsat bolmaz. Galyberse-de, EA nusgasynyň bir enjamda ýerleşmekden uludygy bilen baglylykda, ol birnäçe böleklere bölünip, beýleki enjamlara hem geçmek arkaly, birek-birek bilen özara gatnaşygy ýola goýar we köpçülikleýin dolandyryş ulgamyny döreder diýlip, habarda bellenýär.