Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça geňeşiň (CICA) 7-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana sapar bilen bardy. Bu barada THP habar berýär. Bakuwyň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Azerbaýjanyň premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew we beýleki resmi adamlar garşylady. Sammitiň gün tertibine Aziýada ynamy, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, şeýle hem CICA-nyň mundan beýläkki ösüşi we gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri girýär. Sammit Azerbaýjanyň gurama başlyklyk edýän döwründe geçirilýär. Mundan öň sammite gatnaşmak üçin Baku şäherine Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem geldi. Ýatlap geçsek, bu liderler ýakynda Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Awazada jemlenipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→