Türkiýäniň Stambul şäherinde we ýurduň beýleki sebitlerinde güýçli çabga suw joşmalaryna sebäp bolup, ulag gatnawyny we şäher infrastrukturasynyň işini bökdedi. 13-nji oktýabryň güni agşamdan bäri dynman ýagýan ýagnyň netijesinde köçeleri, şaýollary, ýerasty geçelgeleri we metro beketlerini suw basdy. Esenler, Zinjirlikuýu we Topkapy metro beketlerinde, şeýle-de Saryýer we Kagythane etraplarynda suw joşgunlary hasaba alyndy. Arnawutköý etrabynda Alibeý derýasy kenardan agdy, käbir awtoulaglar bolsa suwuň aşagynda galdy. Şäherde ulag dyknyşyklarynyň derejesi 89 göterime ýetdi. Tebigy hadysa zerarly Stambulyň Fatih etrabynda 14 ýaşly ýetginjek heläk boldy. Deslapky maglumatlara görä, ol kölçedäki suwa aýak basanda elektrik togy urupdyr. Şäher häkimligi bu waka boýunça derňew işine başlady. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlarynda iň köp ýagyn düşen ýeriň Beýkoz etrabynyň Ömerli sebitidigi aýdylýar. Şähere bary-ýogy 12 sagadyň dowamynda bir gije-gündiziň dowamynda ýagmaly ygaldan hem köp ýagyn düşüpdir. 14-nji oktýabr gününiň agşamyndan başlap, Stambulda motosikllerde we beýleki iki tigirli ulaglarda hereket etmek hem gadagan edildi. Howanyň ýaramazlaşmagy sebäpli şäher häkimligi 15-nji oktýabrda döwlet we hususy okuw mekdeplerinde sapaklary ýatyrdy. Döwlet edaralarynda işleýän göwreli aýallara, maýyplygy bolan adamlara, şeýle-de sekiz ýaşdan kiçi çagalary bolan zenan işgärlere rugsat berildi. Penşenbe güni şäherde howa şertleri bilen bagly howpuň sary derejesi yglan edildi. Howa maglumaty boýunça hünärmenler güýçli ýagyşyň günüň ahyryna çenli dowam edip biljekdigini duýdurýarlar. Munuň netijesinde täze suw joşmalary we läbik sil akymlary ýüze çykyp, ulag gatnawynda hem-de infrastruktura ulgamynda ýene-de bökdençlikler döräp biler. Amatsyz howa şertleri howa gatnawlaryna hem täsir etdi. Käbir uçuşlar, şol sanda halkara gatnawlary beýleki howa menzillerine gönükdirildi. Şol bir wagtyň özünde, şäher häkimliginiň maglumatynda aýdylyşy ýaly, uçuş-gonuş zolaklary açyklygyna galýar, ýollar hem resmi taýdan ýapylmady. Tebigy betbagtçylygyň netijelerini aradan aýyrmak işlerine 8 müňden gowrak adam we 2 müňe golaý ýörite tehnika çekildi. Olar ýygnanan suwlary sorup aýyrýar, ýollary arassalaýar we zyýan çeken ýaşaýjylara kömek edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→