Häzirki wagtda Lebap welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşigine degişli maldarçylyk hojalyklarynyň 5-si bolup, olarda dowarlar, iri şahly mallar we düýeler idedilýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda häzirki wagtda dowarlaryň baş sany 109 müň 660-dan gowrak bolup, ondan 54 müň 780 töweregi ene goýun, iri şahly mallaryň 1 müň 300-e golaýy bolup, olaryň 300-den gowragy sygyrlar, şeýle hem düýeleriň baş sany 2 müň 760-a deň bolup, olaryň 1 müň 280-e golaýy ene düýelerdir. Mallaryň idedilýän öri meýdanlarynda gyş möwsümine taýýarlyk işleriniň tutuş ýylyň dowamynda guramaçylykly alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli maldarçylyk hojalyklaryna degişli kaşarlaryň 309-sy, agyllaryň 89-sy, guýularyň 520-si, dik guýularyň hem 2-si abatlanyp, möwsüme doly taýýar edilipdir. Örülerdäki alnyp barylýan tutanýerli işler bu desgalaryň abatlaýyş işleriniň ýakyn wagtlarda tamamlanjakdygyna güwä geçýär. Mallaryň gyşdan abat we orta semizlikde çykmaklygy ýerlerdäki ot-iýmleriň bolçulygyna bagly bolup durýar. Bu ugurda hem maldarçylyk hojalyklarynda öndürijilikli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek bolar. Häzirki döwre çenli bu hojalyklaryň öri meýdanlarynda 7 müň 536 tonna ot-iým taýýarlanylyp, onuň 247 müň 67 tonnasy ýorunja bedesi, 1 müň 910 tonnasy meýdan otlary, 4 müň 59 tonnasy iri baldakly otlar, 1 müň 265 tonnasy saman, 55 tonnasy hem arpadyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→