ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 17-nji oktýabrdan 22-nji oktýabr aralygynda Samarkantda (Özbegistan), şeýle hem Mumbaýda we Jamnagarda (Hindistan) saparda bolar. Bu barada amerikan daşary syýasat edarasynyň habarnamasyna salgylanýan TASS habar berdi. «Döwlet sekretary Özbegistanda C5+1 görnüşdäki ministrleriň duşuşygyna bu guralyň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlygyň ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasynda has parahatçylykly geljegi gurmaklyga hem-de gülläp ösüşi üpjün etmgäe ýardam etjekdigine ünsi güçlendirmek maksady bilen gatnaşar» diýlip, resminamada bellenýär. C5+1 – munuň özi ABŞ-nyň Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen köpçülikleýin özara gatnaşyklaryň guralydyr. Waşington ony 2015-nji ýyldan bäri peýdalanýar. Rubio şeýle hem ady agzalan ýurtlaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Döwlet departamentiniň habaryna görä, Özbegistana ABŞ-nyň iri işewürliginiň 200-den gowrak wekili barar. Amerikan tarapy muňa ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrmagynda täze döwür hökmünde baha berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→