Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş 15-16-njy oktýabrda Ýerewanda bolup, biodürlülik boýunça COP17 maslahatyna gatnaşar, şeýle hem Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşar. Bu barada Baş sekretaryň wekili Stefan Dýužarrige salgylanýan «ria.ru» habar berdi. Stefan Dýužarrik sapar wagtynda Guterrişiň Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen hem ikitaraplaýyn duşuşygynyň göz öňünde tutulýandygyny, duşuşyklarda BMG bilen Ermenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk we sebitde howpsuzlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→