Ýaponiýanyň «Toyo Engineering Corporation» (TOYO) kompaniýasy «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly «CIET 2026» halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler. Çäre 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Oňa döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň, maliýe institutlarynyň wekilleri hem-de bilermenler jemgyýetiniň agzalary gatnaşarlar. Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde energetika we himiýa senagatyny ösdürmek, gurluşyk işlerine çemeleşmeler, maýa goýum mehanizmleri we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, şeýle hem gurluşyk pudagy üçin sanly çözgütler ara alnyp maslahatlaşylar. Sergi bölüminde enjamlar, materiallar we tehnologik çözgütler görkeziler. Gatnaşyjylar üçin işewürligiň B2B (kompaniýalaryň arasyndaky) we B2G (kompaniýalar bilen döwlet edaralarynyň arasyndaky) görnüşleri boýunça duşuşyklar hem guralar. «TOYO» kompaniýasynyň Türkmenistanda gaz-himiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde tejribesi bar. Kompaniýa halkara konsorsiumynyň düzüminde Gyýanlydaky polimer toplumynyň gurluşygyna gatnaşdy. Taslamanyň çäklerinde ol gaz bölüji, etilen we polipropilen öndürýän desgalaryň taslamasyny taýýarlamak, enjamlary üpjün etmek we işe girizmek-sazlamak işlerine jogap berdi. Taslama 2018-nji ýylda tamamlandy. 2025-nji ýylda «TOYO» Türkiýäniň «Rönesans Endüstri Tesisleri» kompaniýasy bilen bilelikde «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden toplumyň düýpli abatlaýyş işleriniň we polimer önümçiligini dikeltmegiň birinji tapgyryny ýerine ýetirmek üçin şertnama aldy. 2026-njy ýylyň fewralynda kompaniýa jikme-jik meýilnamalaşdyryş we inženerçilik işleriniň, şeýle hem enjamlar bilen materiallaryň satyn alnyşynyň bir böleginiň ýerine ýetirilendigini habar berdi. Şeýle-de abatlaýyş işleriniň ikinji tapgyry boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekildi. «TOYO» kompaniýasynyň CIET 2026 maslahatyna we sergisine goldaw bermegi hünär gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we tehnologik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam eder. Bu forum maslahata we sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň degişli pudaklary üçin ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga hem-de bilelikdäki işleriň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer» — diýlip, çäräni guraýjylaryň habarynda bellenilýär.