Türkmenistandaky BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), durnukly gurluşygy ösdürmek we energiýa netijeli milli mümkinçilikleri artdyrmak üçin niýetlenen hünär okuwlarynyň tapgyryny geçirýär. Okuw maslahatlary Global ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän, BMGÖM-niň “Energiýa taýdan netijeli we durnukly gurluşyk pudagy babatynda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň Milli mümkinçiliklerini giňeltmek” atly taslamanyň çäklerinde, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilýär. Hünär okuwlarynyň tapgyry, 7-nji oktýabrda gurluşyk pudagyna energiýa netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmagyň halkara tejribesini öwrenmäge bagyşlanan okuw sapaklary bilen başlanyldy we oktýabr aýynyň 8-den 23-ne çenli, energiýany az mukdarda ulanýan binalaryň gurluşygyny ösdürmegiň halkara tejibesini öwrenmek boýunça okuw maslahatlary bilen dowam edýär. BMGÖM Türkmenistanda energiýa netijeli gurluşyk pudagynyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ýardam berýär Bu hünär okuwynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndyň (TDEI) mugallymlary we talyplary, “Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri” Ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri hem-de Mary şäheriniň Häkimliginiň hünärmenleri gatnaşýarlar. Gatnaşyjylar, energiýa netijelilik pudagyndaky döwrebap çözgütleri ulanmagyň tejribesi, energiýany az mukdarda ulanýan binalaryň gurluşygynyň çemeleşmeleri, energiýa netijeli binalary sertifikatlaşdyrmak ulgamlary we şeýle çözgütleriň Türkmenistanyň howa şertlerini nazara almak bilen ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Okuwyň dowamynda gün energiýasyny we beýleki gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini gurluşyk pudagynda ulanmagyň, energiýany netijeli ulanmaga ýardam berýän inženerçilik çözgütlerini gurluşyk pudagynda ornaşdyrmagyň, energiýany az mukdarda ulanýan binalaryň gurluşygynda ýylylyk örtüklerini ulanmagyň hem-de binalarda energetika barlagyny geçirmegiň amaly okuwyna aýratyn üns berildi. BMGÖM Türkmenistanda energiýa netijeli gurluşyk pudagynyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ýardam berýär Gatnaşyjylar gün we ýel energiýasynyň esasynda işleýän ulgamlar bilen tanyşyp hem-de energiýa netijeli gurluşykda olary ulanmak mümkinçiliklerini naraza alyp Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) desgalaryna hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” Ylmy-önümçilik merkeziniň tehniki meýdançasyna barýarlar. "Dikeldilen energiýa öndürýän ulgamlaryň işleýiş tehnologiýalary boýunça okuw bize şeýle ulgamlary işe girizmek we ýokary hilli işletmek üçin zerur bolan başarnyklary ösdürmek üçin berk binýady döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institynyň (TDEI) milli elektrik energiýasy bazaryndaky meýillerden öňe gitmäge işgärleri taýýarlaýar" diýip, BMGÖM-niň taslamasynyň halkara maslahatçysy Alekseý Zaharow belledi. BMGÖM Türkmenistanda energiýa netijeli gurluşyk pudagynyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ýardam berýär "Ýaşyl bina sertifikatlaşdyrmasy durnukly gurluşyk ýörelgelerini öňe sürmekde we energiýa tygşytlaýjy gurluşyk pudagyny ösdürmekde möhüm rol oýnaýar. Şeýle ulgamlar bilen işlemek üçin ýöriteleşdirilen bilim gerek bolany üçin, sertifikatlaşdyrma standartlaryna we energiýany tygşytlaýjy çözgütleri ornaşdyrmakda halkara tejribesine bagyşlanan hünär okuwy Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň talyplaryna we mugallymlaryna bu ugurda döwrebap çemeleşmeler we halkara tejribeleri öwrenmek üçin gymmatly mümkinçilik döretdi" diýip, BMGÖM-niň halkara bilermeni Ilze Purina nygtady. Bu başlangyç GEF-iň maliýe goldawy bilen BMGÖM tarapyndan, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň we "Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri" ylmy-önümçilik merkeziniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→