Angliýada we Uelsde däp bolan britan familiýalary ýitip barýar, geçen 2025-nji ýylda ýurtda Han, Aly we Ahmet iň köp ýaýran familiýalaryň onlugyna girdi. Bu barada Beýik Britaniýanyň Milli statistika gullugy habar berdi. 1996-njy ýylda britan sebitlerinde iň köp ýaýran familiýalar Smit, Jons we Uilýams, şeýle-de Teýlor, Braun, Dewis, Ewans, Tomas, Jonson we Uilson bolupdyr. 2025-nji ýylda iň köp ýaýran familiýalaryň sanawynda Smit (birinji ýer), Jons (bäşinji ýer) we Uilýams (sekizinji ýer) saklanyp galypdyr. Täze dünýä inen bäbekleriň arasynda ikinji iň köp ýaýran familiýa Han bolupdyr. Onluga Ahmet, Aly, Hüseýn, Singh, Patel we Kaur giripdir. Smit we Uilýams familiýalarynyň ýaýrawy 43 göterim pese gaçan bolsa, Han, Ahmet we Aly familiýalary iki esse köpelipdir. Ady agzalan gullugyň habaryna görä, Angliýada we Uelsde geçen ýyl täze doglan bäbekleriň arasynda iň ýörgünli erkek ady Muhammet, zenan ady Oliwiýa bolupdyr.